bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 21
Proverbs 21
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 20
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 22 →
1
Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.
2
Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.
3
Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.
4
Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, erbetleriň çyrasy günädir.
5
Janypkeşiň maksady diňe bolçulyga getirýär, alňasak adamlaryň bary mätäç düşýändir.
6
Ýalan söz bilen toplanan hazyna ölüme kowalap barýan ümür-dumandyr.
7
Erbetleriň zorlugy özlerini süpürip äkidýändir, çünki olar adalaty berjaý etmekden boýun gaçyrýandyr.
8
Ýazyklynyň ýoly egridir, päkleriň bolşy dogrudyr.
9
Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak ýegdir.
10
Erbediň göwni ýamanlyk küýseýär, ýakyny onuň göwnünden turmaýar.
11
Masgaralaýja jeza berlende, nadan akylly bolýandyr, dana adam tälim alanda, bilimini artdyrýandyr.
12
Dogruçyl erbediň öýüni synlaýar, erbetler heläkçilige barýar.
13
Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.
14
Gizlin berlen sowgat gahary, goltuga sokulan para güýçli gazaby ýatyrýar.
15
Adalaty berjaý etmek dogruçyl adama şatlykdyr, ýaman iş edýäne heläkçilikdir.
16
Düşünje ýolundan sowlan ölüler toparynda ornaşar.
17
Hezilligi söýýän mätäçdir, şeraby we ýagy söýýän baýamaz.
18
Erbetler dogruçyl üçin, biwepalar hem sadyk üçin töleg bolar.
19
Igenjeň hem gaharjaň aýal bilen ýaşandan, çölde ýaşamak gowudyr.
20
Arzyly hazyna hem ýag dananyň jaýyndadyr, akmak bolsa baryny symyşlar.
21
Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam ýaşaýyş hem hormat tapar.
22
Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp, olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar.
23
Agzyna we diline berk janyny beladan goraýandyr.
24
Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.
25
Ýaltany öz höwesi öldürýär, çünki onuň elleri işden boýun gaçyrýar.
26
Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.
27
Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.
28
Galp şaýat heläk bolar, diňleýän adamyň sözi dowam eder.
29
Erbet adam ýüzüni galňadýandyr, dogruçyl adam bolsa öz ýoluny oýlaýandyr.
30
Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.
31
At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir.
← Chapter 20
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 22 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31