bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 17
Proverbs 17
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 16
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 18 →
1
Rahatlykdaky bir döwüm gury nan dawadan doly jaýdaky meýlisden gowudyr.
2
Masgara ogluň üstünden paýhasly gul höküm sürer we doganlar hatarynda mirasa şärik bolar.
3
Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, ýürekleri barlaýan Rebdir.
4
Ýamanlyk edýän erbet dodaklara üns berýändir, ýalançy ýaman niýetli dile gulak asýandyr.
5
Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir, betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz.
6
Agtyklar garry adamlaryň täjidir, ogullaryň şan-şöhraty bolsa ene-atalarydyr.
7
Dürdäne söz akmaga ýaraşmasa, aldawly söz hem asylzada hiç gelişmeýär.
8
Para ony berýäniň gözüne bir tumar kimindir, ol nirä öwrülse, üstünlik getirer.
9
Ýazygy geçýäni söýgi höweslendirýändir, dawa-jenjeli gaýtalaýan bolsa dostuny ýitirýär.
10
Düşünjeli adama bir käýinç akmaga urlan ýüz kötekden agyrdyr.
11
Ýamanlar diňe bulagaýlyk turuzýandyr, olara garşy bolsa zalym çapar gönderiler.
12
Akmagyň akylsyzlygyna duş bolanyňdan, çagasyny aldyran aýa duş gelmek gowudyr.
13
Ýagşylyga ýamanlyk gaýtarýanyň öýünden ýamanlyk gitmez.
14
Dawa-jenjeliň başy böwsülen böwet ýalydyr, şonuň üçin ony tutaşmanka bes et.
15
Erbedi aklaýan bilen dogruçyl adamy ýazgarýanyň ikisini-de Reb ýigrenýändir.
16
Näme üçin akmagyň elinde danalyk almaga pul bolsun? Onda öwrenmek niýeti ýok.
17
Ýakynyň seni hemme wagt söýýändir, dogan kynçylykly pursadyň üçin doglandyr.
18
Düşünjesi kemlik edýän kemakyl ýakynynyň deregine el berip kepil bolýandyr.
19
Ýazygy söýýän dawany söýýändir, kim bosagasyny belent gursa, süňküniň döwülmegine garaşýandyr.
20
Egri ýürek ýagşylyk tapmaýar, egri dil bolsa, kynçylyga düşýär.
21
Akmagyň atasy hasrat çeker, akylsyzyň atasy şatlygy bilmez.
22
Şadyýan ýürek oňat şypadyr, synyk ruh süýegiňi guradýandyr.
23
Adalat ýodalaryny ýoýmak üçin, erbet adam gizlin para alýandyr.
24
Düşünjeli adam danalyga seredýändir, akmagyň nazary ýeriň aňry çetine.
25
Akmak ogul atasyna hasrat, dograna dertdir.
26
Ýazyksyza jerime salmak nädürsdir, asylzada-da dogruçyllygy üçin jeza bermek dürs däldir.
27
Sözüni jylawlaýan bilimlidir, düşünjeli adam bolsa mylaýym ruhludyr.
28
Akmak hem dymanda akylly, agzyny ýumanda, düşünjeli saýylýandyr.
← Chapter 16
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 18 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31