bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 14
Proverbs 14
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 15 →
1
Akyldar zenan jaý gurýandyr, akmak aýal bolsa öýüni öz eli bilen ýumurýar.
2
Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr, Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.
3
Tekepbiriň sözi — özüne gamçy, dananyň dodagy bolsa özüni goraýandyr.
4
Öküzler ýok wagty ahyr arassa, hasylyň bolçulygy bolsa öküziň güýji bilendir.
5
Sadyk şaýat ýalan sözlemez, galp şaýat her deminde ýalan ýagdyrýandyr.
6
Masgaralaýjy danalyk agtarsa-da, ony tapýan däldir, düşünjeli adama bolsa bilim aňsatdyr.
7
Akmagyň ýanyndan çekil, çünki onuň agzyndan bilim almarsyň.
8
Paýhasly adamyň danalygy öz ýoluna düşünmegi üçindir, akylsyzyň akmaklygy bolsa aldawçylykdyr.
9
Akmaklar günä gülýändirler, ýöne hoşallyk dogruçyllaryň arasyndadyr.
10
Ýürek öz derdini özi bilýändir, şatlansa-da keseki goşulýan däldir.
11
Erbetleriň öýi weýrana dönýär, dogruçyllaryň çadyry pajarlap ösýär.
12
Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär, ýöne onuň soňy ölüme barýar.
13
Käte gülki içinde-de ýüregiň gamgyn, şatlygyň soňunda-da gam bardyr.
14
Wyždansyz öz ýollaryndan, ýagşy adam öz edeninden kanagatlanar.
15
Nadan her söze ynanýandyr, paýhasly adam bolsa öz ädimini oýlaýandyr.
16
Akylly adam ýamanlykdan gorkup gaça durýandyr, akmak bolsa hetdenaşa batyrsyrap, soňuny saýmaz.
17
Gaharjaň adam akmaklyk edýändir, mekir adam hem ýigrenilýändir.
18
Nadanlar akmaklygy miras alýar, paýhaslylar bolsa bilim täjini geýýär.
19
Ýamanlar ýagşylaryň öňünde, erbetler dogruçylyň gapysynda baş egýändir.
20
Garyby öz ýakynlary-da ýigrenýändir, baýy bolsa söýýän köpdür.
21
Öz ýakynyny ýigrenýänler günä edýändir, garyba rehim edýän bolsa bagtlydyr.
22
Ýamanlygy niýet edýänler ýalňyşmaýarlarmy? Ýagşylygy pikir edýänler sadyk söýgi gazanmaýarlarmy?
23
Her bir zähmetden haýyr geler, boş gep diňe mätäçlik getirer.
24
Danalygyň baýlygy hormat täjidir, akmaklaryň bezegi olaryň akmaklygydyr.
25
Çyn şaýat adamy halas edýändir, ýalançy şaýat bolsa dönüklik edýändir.
26
Rebden gorkýana güýçli gorag bardyr, onuň çagalaryna-da pena bolar.
27
Ynsany ölüm duzagyndan sowar ýaly, Rebden gorkmak ýaşaýyş çeşmesidir.
28
Patyşanyň şöhraty halkyň köplügindedir, halkyň ýok bolmagy hökümdaryň heläkçiligidir.
29
Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür, dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.
30
Asuda paýhas bedene ýaşaýyş berýär, göriplik bolsa süýekleri çüýredýär.
31
Ejizi ezýän ony Ýaradany ynjadýandyr, mätäje merhemet edýän Ýaradany hormatlaýandyr.
32
Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar, dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar.
33
Danalyk düşünjeli ýürekde ýaşaýar, hatda akmaklar arasynda-da bildirýär.
34
Dogrulyk milleti beýgeldýän bolsa, günä halklara utançdyr.
35
Paýhasly iş edýän hyzmatkär patyşanyň merhemetini gazanýar, masgara iş edýän bolsa Onuň gazabyna duçar bolýar.
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 15 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31