bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 18
Proverbs 18
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 17
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 19 →
1
Üzňelikde ýaşaýan öz islänini edýändir, ol ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir.
2
Akmak adam düşünjeden däl-de, diňe öz pikirini aýtmakdan keýplenýändir.
3
Erbetlik bilen ýigrenç gelýändir, biabraýlyk bilen-de masgaraçylyk.
4
Ynsanyň agzyndan çykýan sözler düýpsüz suwlar kimindir, danalyk bolsa joşup akýan bulak mysalydyr.
5
Hökümde erbediň tarapynda bolup, dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.
6
Akmagyň dili jenjel turuzýar, onuň agzy taýagy çagyrýar.
7
Akmaga dilinden bela gelýändir, onuň dodagy janyna duzakdyr.
8
Gybatkeşiň sözleri datly lukma ýalydyr, olar garnyňa siňýär.
9
Işinde ýaltalyk edýän ýumrujynyň doganydyr.
10
Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.
11
Baýlaryň baýlygy — olaryň berk galasy, onuň hyýalynda beýik haýat kimindir.
12
Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.
13
Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr.
14
Adamyň derdini ruhy çekip bilýär, ýöne synyk ruha kim çydam eder.
15
Paýhasly adam bilim alýandyr, danalygyň gulagy bilim agtarýar.
16
Sowgat gapylary açýar, emeldarlaryň ýanyna eltýär.
17
Başga biri gelip, oňa sorag berýänçä, dawada ilki geplän dogry ýaly görünýändir.
18
Bije dawany togtadýandyr, güýçli garşydaşlaryň arasyndaky meseläni çözýändir.
19
Öýkeli dogan içine aralaşyp bolmaýan berk galadyr, aralykdaky dawa bolsa, galanyň gözenekli gapysy ýalydyr.
20
Adam agzynyň miwesinden kanagatlanýar, diliniň hasylyndan doýýar.
21
Ölümem, ýaşaýyşam diliň ygtyýarynda, dili söýýän hasylyndan iýer.
22
Gowy aýala gowşan gowulyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr.
23
Garyp ýalbaryp gepleýändir, baý bolsa gödek jogap berýändir.
24
Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar, ýöne dogandan-da ýakyn dost bar.
← Chapter 17
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 19 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31