bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 6
Proverbs 6
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 7 →
1
Oglum, karz aljaga kepil geçip, oňa derek el beren bolsaň,
2
öz diliňden duzaga düşensiň, öz sözleriň bilen tutulansyň.
3
Ondan halas bolmak üçin şeýle etmeli, oglum. Ýakynyň penjesine düşeniňe görä, bar-da, onuň öňünde özüňi kiçelt. Ýalbar.
4
Gözüňe uky berme, gabagyňy ýumma.
5
Awçydan gaçan jeren kimin, guşbazyň elinden sypan guş kimin özüňi gutar.
6
Eý, ýalta, garynjanyň ýanyna bar; olaryň işleýşine seret-de, akyl al!
7
Olaryň ne baştutany, ne gözegçisi, ne-de hökümdary bar.
8
Tomusda öz iýmitini toplaýarlar, orakda öz azygyny ýygnaýarlar.
9
Eý, ýalta kişi, sen haçana çenli ýatjak? Ukudan haçan oýanjak?
10
[10-11] Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk garakçy ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner.
12
Deýýus bilen ýamanyň ýalan ýaşaýar agzynda.
13
Ol gözlerini gypýar, aýaklary bilen yşarat edýär, barmagy bilen ümleýär.
14
Ýüreginde mekir niýet bar, mydama dawa-jenjel turuzýar.
15
Şonuň üçin oňa betbagtçylyk duýdansyz iner; pagyş-para bolar, şypa tapylmaz.
16
Reb alty zady, dogrusy, ýedi zady ýigrenýändir:
17
tekepbir gözi, ýalançy dili, bigünä gan dökýän eli,
18
ýaman niýetli ýüregi, ýamanlyga ýortýan aýaklary,
19
ýalan ýagdyrýan galp şaýady, doganlar arasynda dawa döredýän adamy.
20
Oglum, ataň buýrugyny berjaý et, eneň öwütlerinden ýüz öwürme.
21
Olary mydam ýüregiňde sakla, boýnuňa bagla.
22
Ýolbelet bolarlar saňa ýörän mahalyň; gorarlar seni ýatan mahalyň; gürrüňdeş bolarlar oýa wagtyňda.
23
[23-24] Ýaman aýaldan, süýji dilli zynahor aýaldan goramak üçin, buýruk — çyra, öwüt — nur, käýinç-terbiýe — ýaşaýşa ýoldur.
25
Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme, kirpikleriniň ýesiri bolma.
26
Lolynyň bahasy bir döwüm çörege dursa-da, bu kemçin gymmatly jany awlaýandyr.
27
Kim eteginde ot göterer-de, eşigini ýakmaz?
28
Kim közüň üstünden ýörär-de, dabany köýmez?
29
Ýakynynyň aýalyna ýanaşan hem şeýle bolýar; oňa el degren jezasyz galmaz.
30
Açka garnyny doýurmak üçin ogurlan ogryny ýigrenýän däldirler ahyryn?
31
Ýöne ol tutulsa, ýedi esse edip gaýtarar, öýüniň bar baýlygyny bermeli bolar.
32
Zyna edýän adam kemakyldyr, ol öz janyny heläk edýär.
33
Ol tenine ýara alar, biabraýçylyga uçrar, päklenip bolmajak uýada galar.
34
Çünki gabanjaňlyk erkek kişini gazaplandyrýar, ol öç alanda, hiç rehim etmez.
35
Ol seniň para-peşgeşiňe bakmaz, näçe töleseň-de, hiç razy bolmaz.
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 7 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31