bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 20
Proverbs 20
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 21 →
1
Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.
2
Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.
3
Dawadan gaçmak adama abraý getirýär, bar akmak jedele taýýar.
4
Ýalta ýer sürmän, orak wagtynda hasyl gözlär, ýöne tapmaz.
5
Ynsanyň ýüregindäki pikir çuň suw kimindir, düşünjeli adam ony çekip çykarar.
6
Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir, ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?
7
Dogruçyl sadyklykda ýöreýär, onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar!
8
Hökmürowan tagtynda oturýan patyşa ähli ýamanlygy gözleri bilen saýgarýar.
9
«Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?
10
Iki dürli terezi daşynyň, iki dürli ölçegiň ikisi hem Rebbe ýigrenjidir.
11
Hatda çaga hem eden işiniň päkdigini ýa dogrudygyny öz hereketi bilen aýan edýär.
12
Diňleýän gulagy, görýän gözi — ikisinem Reb ýaradandyr.
13
Garyp bolmazyň ýaly, ukyny söýme, gözüňi aç, nanyň bol bolar.
14
Satyn alýan: «Erbet, erbet» diýýändir, aňyrrak baryp bolsa öwýändir.
15
Altyn bar, jöwherem köpdür, ýöne bilimli dil tapylgysyz zatdyr.
16
Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.
17
Hile bilen gazanylan nan süýjüdir, soňra agzy çagyldan dolar.
18
Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr; sagdyn maslahatlar bilen urşa git.
19
Gybatkeş syry paş edýändir, agzyboş bilen gatnaşyk açma.
20
Ata-enesini näletleýäniň tüm garaňkylykda çyrasy söner.
21
Başda basym alnan miras soňunda bereketli bolmaz.
22
«Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.
23
Galp terezi daşy Rebbe ýigrenjidir, hileli terezi hem gowy däldir.
24
Adamyň her ätjek ädimi Rebdendir. Şeýle bolansoň, adam öz ýoluna nädip düşünsin?
25
Zadyny pähimsiz bagyş edýän adam duzaga düşer, ol äht edenden soň oýlanar.
26
Akylly patyşa erbetleri sowrup, olaryň üstünde döwek döwýär.
27
Adamyň ruhy Rebbiň çyrasydyr, ol ynsan kalbynyň bütin jümmüşini barlaýar.
28
Sadyklyk we ynamdarlyk patyşany goraýar, onuň tagty sadyklykdan berkarar bolýar.
29
Ýigitlik kuwwaty olaryň şöhratydyr, çal saçlar bolsa garrylaryň abraýydyr.
30
Yz galdyrýan urgy ýamanlykdan tämizleýär, kötekler bolsa kalbyň jümmüşini päkleýär.
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 21 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31