bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 25
Proverbs 25
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 24
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 26 →
1
Bular hem Süleýmanyň pähimleridir. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň emeldarlary göçürip alypdyrlar.
2
Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr, işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.
3
Asman belent, ýeriň aşagy çuň; patyşanyň ýüregi hem şeýledir, ony derňäp bolýan däldir.
4
Kümüşden hapany aýyr, zergäre bir gap bolar.
5
Erbet adamy patyşanyň huzuryndan aýyr, şonda tagt dogruçyllyk bilen berkarar bolar.
6
Patyşanyň huzurynda özüňi ýokary tutma, beýikleriň ornunda durma.
7
Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden, emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr. Gözüň gören zadyny
8
derrew kaza getirme. Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?
9
Dawany ýakynyň özi bilen et, başganyň syryny paş etme.
10
Ýogsa eşiden adam seni uýada goýar, hemişe ýaman atly bolarsyň.
11
Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan altyn alma ýalydyr.
12
Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.
13
Sadyk ilçi özüni iberenler üçin, orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr. Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.
14
Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr.
15
Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr, mylaýym söz iň kütegiň hem aňyna ýetýändir.
16
Bal tapdyňmy? Ýeterlik iý, aşa düşüp gusaýma.
17
Ýakynyň öýüne ýygy-ýygy barmakdan aýagyňy kes, senden irip, seni ýigrenäýmesin.
18
Ýakynyna garşy galp şaýatlyk edýän adam gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.
19
Aladaly günde wepasyz adama ynanmak, çüýrük dişe we maýyp aýaga ynanan ýalydyr.
20
Gamly ýürege aýdym aýtmak sowuk howada geýim çykarmak we ýara sirke guýmak ýalydyr.
21
Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa suw ber.
22
Şonda onuň başyna köz goýarsyň, Reb seni sylaglar.
23
Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.
24
Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak gowudyr.
25
Uzak ýurtdan gelen hoş habar teşne bokurdaga sowuk suw ýalydyr.
26
Erbetleriň öňünde ýan beren dogruçyl adam bulandyrylan çeşme, hapalanan bulak mysalydyr.
27
Baly köp iýmek ýagşy däldir, şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.
28
Özüne buýrup bilmeýän kişi diwarsyz, weýran edilen şäher kimindir.
← Chapter 24
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 26 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31