bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 28
Proverbs 28
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 29 →
1
Erbet adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.
2
Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir, aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.
3
Ejizleri ezýän garyp hasyly süpürip äkidýän çabga ýalydyr.
4
Kanuny bozýanlar erbetleri öwýändir, kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.
5
Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.
6
Sadyk ýolda gezýän garyp egri ýoldan ýöreýän baýdan ýagşydyr.
7
Düşünjeli ogul kanuny saklaýar, horanlar bilen ýoldaş bolan atasyna ysnat getirer.
8
Peýda we göterim bilen baýlygyny artdyrýan ony garyplara sahawat edýän adam üçin ýygnaýandyr.
9
Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.
10
Kim dogruçyllary ýaman ýola çekýän bolsa, öz gazan gorpuna özi ýykylar. Sadyklar bolsa ýagşylygy miras alarlar.
11
Baý öz gözüne akyllydyr, düşünjeli garyp bolsa ony synlap tanaýandyr.
12
Dogrular üstün çykanda, uly dabara bolýandyr, emma erbetler güýje eýe bolsa, adamlar bukulýandyr.
13
Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.
14
Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.
15
Ejiz halkyň erbet hökümdary arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.
16
Düşünjesiz hökümdar juda zalymdyr, adalatsyz gazanjy ýigrenýän bolsa ömrüni uzaldýandyr.
17
Biriniň ganyna galan adam gabra çenli gaçar, ony hiç kim goldamasyn.
18
Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.
19
Öz ýerini bejerýäniň nany bol bolar, boş işlere kowalaşýan garyplyga duçar bolar.
20
Sadyk adamyň ýalkawy köp bolar, baýlygyň yzynda hars urýan bolsa jezasyz galmaz.
21
Tarapgöý bolmak ýagşy däldir, bir döwüm nan diýip ynsan ýazykly bolar.
22
Gysganç adam baýlygyň yzynda hars urup, başyna garyplygyň geljegini bilýän däldir.
23
Dili bilen ýaranjaňlyk edýänden, birine käýeýän köp göwün awlar.
24
Ata-enesini talap, ýene «Bu ýazyk däldir» diýýän garakçynyň şärigidir.
25
Açgöz adam jenjelçidir, Rebbe bil baglaýan bolsa doklukda ýaşar.
26
Özüne ynanýan akmakdyr, parasatly gezýän bolsa gutular.
27
Ýoksula ýardam edýän mätäç bolmaz, görmezlige salýan bolsa, näletsiz galmaz.
28
Erbetler güýje eýe bolanda, adamlar bukulýandyr, olar heläk bolanda bolsa, dogruçyllar güýçlenýändir.
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 29 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31