bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 1
Job 1
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 2 →
1
Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.
2
Onuň ýedi ogly bilen üç gyzy bardy.
3
Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.
4
Eýýubyň ogullarynyň hersi nobatma-nobat öz öýlerinde meýlis gurardylar we bile iýip-içmek üçin adam ýollap, üç uýasyny-da çagyrardylar.
5
Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.
6
Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan -da olaryň arasy bilen geldi.
7
Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi.
8
Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi.
9
Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi?
10
Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.
11
Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»
12
Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.
13
Bir gün Eýýubyň ogullary bilen gyzlary uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar.
14
Bir çapar Eýýuba şeýle habar getirdi: «Biz öküzler bilen ýer sürüp ýörkäk, eşekler-de olaryň yzynda otlap ýörkäler,
15
şebalylar üstümize çozup, mallary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym».
16
Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.
17
Ol sözüni soňlamanka, üçünji bir çapar gelip: «Babyllar üç topar bolup düýeleriň üstüne çozdular-da, olary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.
18
[18-19] Ol heniz sözüni tamamlamanka, başga bir çapar: «Seniň ogullaryňdyr gyzlaryň uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrkalar, çöl tarapdan bir güýçli tupan gelip, öýi tutuşlygyna ýumurdy. Öý ýaşlaryň üstüne ýykyldy we olaryň bary öldi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýen habary getirdi.
20
Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.
21
Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä, Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.
22
Eýýup bu agyr muşakgatlyklaryň astynda-da, Hudaýy ýazgaryp, günä etmedi.
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 2 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42