bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 41
Job 41
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 40
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 42 →
1
«Ony tutmak umydy netijesizdir, garasyny göreniň gorkudan ýüregi ýarylar.
2
Ony oýaryp biljek ýürekli adam ýokdur. Kim Meniň öňümde durup biljek?
3
Kim Menden hasabat bermegimi soraýar? Gögüň astyndaky bar zat Meniňkidir.
4
Liwýatanyň beden agzalary, beýik güýji we gözel syraty barada dymmaryn.
5
Kim onuň sowudyny çykaryp biler? Kim oňa ýarag bilen golaýlap biler?
6
Kim onuň agzyny açmaga ýürek eder? Agzyndaky dişleri gorkunçdyr.
7
Arkasy ykjam möhür bilen mäkämlenen, hatar-hatar galkanlar bilen örtülen.
8
Olar biri-birlerine şeýle ýakyn welin, hatda aralaryndan howa geçmeýär.
9
Birek-bireklerine ýapyşdyrylgydyr olar, mäkäm seplenendirler, olary aýryp bolmaz.
10
Asgyranda ot saçýar, gözleri daň şapagy kimin ýanyp dur.
11
Agzyndan ýalyn çykýar, ot uçgunlary syçraýar.
12
Burnunyň deşiklerinden gaýnaýan gazan, ýanýan gamyş kimin tüsse çykýar.
13
Demi kömürleri köredýär, agzyndan alaw çykýar.
14
Güýç onuň boýnundadyr, gorky onuň huzurynda tans edýär.
15
Etiniň gatlary biri-birine ýapyşyp, endamynda berkän, ol gymyldamaýar.
16
Ýüregi daş kimin gaty, degirmen daşy kimin gatydyr.
17
Ol ýerinden galanda, güýçliler lerzana gelýär, gorkudan ýaňa titräp, özlerini ýitirýärler.
18
Oňa gylyç kär etmez, naýza, hanjar we ok ötmez.
19
Ol demri saman, bürünji çüýrük agaç saýýar.
20
Atylan okdan gaçmaz, sapan daşlary oňa saman ownugy kimindir.
21
Serdesseleri saman saýýar, özüne tarap zyňlan naýzalara gülýär.
22
Garnynyň asty gyýçak küýze döwükleri kimindir, palçygyň üstüne döwek kimin yz galdyrar.
23
Çuňlugyň suwlaryny gazan kimin gaýnadýar, deňzi melhem gaýnadylýan gaba dönderýär,
24
yzynda parlak yz galdyrýar, deňiz agaran saça meňzedilýär.
25
Bütin älemde onuň deňi-taýy ýokdur, bu mahluk gorky-ürkini bilýän däldir.
26
Ol ähli jandarlaryň içinde iň tekepbiridir, ýyrtyjy haýwanlaryň iň boýnuýogynydyr».
← Chapter 40
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 42 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42