bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 38
Job 38
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 37
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 39 →
1
Onsoň Reb harasadyň içinden Eýýuba şeýle jogap berdi:
2
« Nadan sözleriň bilen nesihatymy garalar ýaly kim bolupsyň?
3
Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber!
4
Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň? Bilýän bolsaň, aýt hany!
5
Ýeriň ölçegini kesgitlän kim? Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Onuň üstünden ýüp çeken kim?
6
Ýer sütünlerini saklaýan diregler nämä berkidilen? Onuň burç daşyny kim goýdy?
7
Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar, ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.
8
Deňiz ýeri böwsüp çykanda, onuň öňüne böwet basan kim?
9
Deňzi bulutlar bilen örtüp, ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin.
10
Deňze gözenekdir gapy goýup, oňa çäk çeken-de Mendirin.
11
Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim.
12
[12-13] Şöhlesini ýer ýüzüniň dört künjegine ýaýradar ýaly, erbetleri gizlenen ýerinden silterläp çykarar ýaly, ömrüňde ir sähere buýruk berdiňmi? Daň şapagyna ýerini görkezdiňmi?
14
Ýer ýüzi möhür basylan toýun, lybas kimin göze görünýär.
15
Erbetler nurdan mahrum edilýär, ýokary galdyrylan gol döwülýär.
16
Deňziň gözbaşlaryna baryp gördüňmi? Çuňluklaryň düýplerine gezelenç etdiňmi?
17
Saňa ölüler dünýäsiniň gapylary görkezildimi? Tüm garaňkylygyň derwezelerini gördüňmi?
18
Dünýä giňişligine ser saldyňmy? Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň.
19
Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede? Garaňkylygyň mekany nirede?
20
Olary ýerli-ýerine äkidip bilermiň? Olaryň mesgenlerine gidýän ýodalary bilýäňmi?
21
Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Sen näme şol döwürde doguldyňmy?! Şonça ýyllar ýaşadyňmy?
22
Garyň ammarlaryna girip gördüňmi? Doly ammarlaryna ser saldyňmy?
23
Olary betbagtly günler üçin, gowga we söweş günleri üçin saklaýaryn.
24
Ýyldyrymyň nireden gelýänini, gündogar ýeliniň nireden başlaýanyny bilýäňmi?
25
[25-27] Ynsanyň aýak basmadyk ýerine, ýaşalmaýan çöle ýagyş ýagsyn, haraba öwrülen çöl suwdan ganyp, ol ýerde ot bitsin diýip, ýagyş akymlary üçin ýaby, ýyldyrymlara ýol açan kim?
28
Ýagşyň atasy barmy? Çyg damjalaryny ýaradan kim?
29
Buz kimiň ýatgysyndan çykdy? Göklerden düşen gyrawy kim dogurdy?
30
Suwlar gaty daşa dönýär, Deňziň ýüzi doňýar.
31
Ülker ýyldyzlarynyň zynjyrlaryny baglap bilermiň? Orionyň baglaryny çözüp bilermiň?
32
Ýyldyzlar toplumyny öz möwsümlerinde çykaryp bilermiň? Uly, Kiçi Ýedigene ýol görkezip bilermiň?
33
Gögüň kanunlaryny bilýäňmi sen? Ýerde olaryň hökümini ýöredip bilermiň?
34
Başyňa bol ýagyş ýagsyn diýip, bulutlara buýruk berip bilermiň?
35
Saňa: „Biz seniň hyzmatyňda“ diýer ýaly, ýyldyrym çakdyryp bilermiň?
36
Leglege paýhas beren kim? Horaza düşünje beren kim?
37
Kimiň bulutlary sanamaga paýhasy ýeter? Gögüň tulumlaryny kim agdaryp biler?
38
Şonda toprak gatap, kesekler biri-birlerine ýapyşýarlar.
39
[39-40] Şirler sürenlerine sümen pursady ýa-da sümme tokaýda bukuda ýatyrka, şir üçin aw awlap bilermiň? Çaga arslanlaryň garnyny doýrup bilermiň?
41
Garga balalary Hudaýa nalyş edip, açlykdan entänlerinde, olary olja bilen üpjün edýän kim?»
← Chapter 37
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 39 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42