bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 32
Job 32
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 31
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 33 →
1
Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi.
2
Onsoň ram urugyndan, büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu muňa gazaplandy. Onuň Eýýuba gaty gahary geldi, sebäbi Eýýup Hudaýy däl-de, özüni aklady.
3
Elihu Eýýubyň üç dostuna-da gaty gaharlandy, çünki olar dogry jogap tapmansoňlar, Hudaý günäkär ýaly bolup göründi.
4
Elihu beýlekilerden ýaş bolandygy üçin, Eýýup bilen gepleşmäge öz nobatyna garaşdy.
5
Bu üç adamdan jogap ýokdugyny görende, Elihu gazaplandy.
6
Büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu şeýle jogap berdi: «Men ýaş, siz garry, şonuň üçin men çekindim, öz pikirimi aýtmaga gorkdum.
7
Içimi gepledip: „Goý, gojalar geplesinler, ýaşulular paýhas bersinler“ diýdim.
8
Ýöne ynsana içindäki ruh, Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.
9
Paýhas diňe gojalarda däldir, hakykata düşünýän diňe ýaşulular däldir.
10
Şonuň üçin: „Maňa gulak salyň, men öz pikirimi beýan etsem“ diýýän.
11
Ine, men sözleriňize garaşdym, aýtjak zadyňyzy agtarýarkaňyz, parasatly gepiňize gulak asdym.
12
Sizi dykgat bilen diňledim, emma hiç biriňiz Eýýubyň nähaklygyny subut etmediňiz, hiç biriňiz onuň sözlerine jogap bermediňiz.
13
Siz: „Biz paýhas tapdyk, ony Hudaý nähak çykarsyn, ynsan däl“ diýmäň.
14
Eýýup sözlerini maňa garşy gönükdirmedi, oňa siziň sözleriňiz bilen jogap bermerin.
15
„Olar gorkup, jogap berip bilmeýärler, söz tapmaýarlar aýtmaga.
16
Olardan ses-seda çykmaýar, olar jogapsyz durlar“ diýip, Men garaşaýynmy indi?
17
Men-de öz jogabymy bererin, öz pikirimi beýan ederin.
18
Çünki men sözden doly, içimdäki ruh meni gyssaýar.
19
Ine, içim açylmadyk şerap kimin, täze meşik kimin ýarylyp barýar.
20
Gepläp, içimi sowadaýyn, dil açyp, saňa jogap bereýin.
21
Adamdan ýüz görmerin, ýaranjaňlyk etmen hiç kime.
22
Ýaranjaňlyk etmegi başarmaýan men, ýogsa Ýaradanym meni-de ýok ederdi».
← Chapter 31
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 33 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42