bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 22
Job 22
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 23 →
1
Teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2
«Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi? Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?
3
Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar? Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?
4
Hudaýyň seni jezalandyrmasy, höküm etmesi Ondan gorkýandygyň üçinmi?
5
Erbetligiň ummasyz, etmişleriň tükeniksiz dälmi?
6
Çünki öz doganyňdan nähak girew aldyň, eşiklerine çenli sypyryp, olary ýalaňaç goýduň.
7
Ýadawa içmäge suw bermediň, açdan çöregiňi gysgandyň.
8
Ine, güýçlüler ülkä eýe bolýandyr, hormatlanýan onda ýaşaýandyr.
9
Dul hatynlary yzyna boş goýberdiň, ýetimleri ezdiň.
10
Munuň üçin daş-töweregiň duzaklar bilen gurşalýar, duýdansyz gorky seni galagopluga salýar.
11
Hiç zady görüp bilmeziň ýaly, garaňkylyk seni basýar, sil gelip, seni gark edýär.
12
Hudaý gökleriň ýokarsynda dälmidir? Ýokardaky ýyldyzlara nazar sal, olar, gör, nähili belentlikde!
13
Şonuň üçin sen: „Hudaý nämäni bilýär? Ol tüm garaňkylyk içinden höküm edip bilýärmi?
14
Bulutlar Oňa tutudyr, Ol görüp bilmez, Ol gök gümmezinde gezýändir“ diýýäň.
15
Pisleriň ýörän köne ýoluny tutjakmy?
16
Olar wagtyndan öň ýygnaldylar, düýplerini suw aldy.
17
Olar Hudaýa: „Bizi öz günümize goý! Gudratygüýçli, sen bize näme edip bilersiň?“ diýdiler.
18
Şonda-da Hudaý öýlerini bereket bilen doldurdy, pisleriň maslahaty menden uzakda bolsun!
19
Dogruçyllar pisleriň weýran edilenini görüp begenýär, bigünä hem olaryň üstünden gülýär.
20
Olar: „Ýagylarymyz ýok edildi, galan zatlary ýanyp kül boldy“ diýýärler.
21
Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol, şonda haýyr taparsyň.
22
Gulak goý Onuň agzyndan çykýan öwüt-ündewe, sözlerini ýüregiňde sakla.
23
Gudratygüýçlä tarap öwrülseň, öňki halyňa gowşarsyň, etmişi çadyryňdan uzaklaşdyrsaň,
24
altyny topraga, Opyr tyllasyny jülgedäki daşlaryň arasyna atsaň,
25
Gudratygüýçlini öz altynyň, gymmat bahaly kümşüň saýsaň,
26
ine, şonda Gudratygüýçlüden göwnühoş bolarsyň, Hudaýa ýüz tutarsyň.
27
Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider, sen hudaýýolularyňy berersiň.
28
Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer, ýollaryňa nur çaýylar.
29
Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň, çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.
30
Hudaý hatda ýazyklylary-da halas eder, olar seniň elleriň tämizligi üçin gutularlar».
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 23 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42