bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 42
Job 42
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 41
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
1
Onsoň Eýýup Rebbe şeýle jogap berdi:
2
«Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň.
3
Nesihatyňy garalajak barmy? Şonuň üçinem men düşünmedik, asla akyl ýetirip bilmedik zatlarym barada gepledim.
4
Indi maňa gulak assana, men geplejek, Senden soraýyn, maňa jogap bersene.
5
Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, indi Seni öz gözlerim bilen gördüm.
6
Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».
7
Reb Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, teýmanly Elipaza ýüzlenip, şeýle diýdi: «Meniň saňa we seniň beýleki iki dostuňa garşy gazabym lowlaýar, çünki siz gulum Eýýup ýaly Men barada hakykaty sözlemediňiz.
8
Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».
9
Şeýdip, teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat hem-de nagamly Sopar Eýýubyň ýanyna gidip, Rebbiň tabşyryşy ýaly hem etdiler. Reb Eýýubyň dilegini kabul etdi.
10
Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi.
11
Onsoň ähli doganlarydyr uýalary we öňki tanyşlary Eýýuby görmäge gelip, öýünde bile çörek iýdiler. Onuň başyna Rebbiň getiren belalary üçin duýgudaşlyk bildirip, oňa teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir bölek kümüş bilen altyn ýüzük berdiler.
12
Reb Eýýubyň soňky durmuşyny öňki durmuşyndan-da has bereketli etdi. Onuň on dört müň goýun-geçisi, alty müň düýesi, müň jübüt öküzi we müň urkaçy eşegi bardy.
13
Şeýle hem ýedi ogly, üç gyzy bardy.
14
Birinji gyzynyň ady Ýemima, ikinjisiniň ady Kesiýa, üçünjisiniň ady Kerenhappukdy.
15
Dünýäniň hiç bir künjeginde Eýýubyň gyzlary ýaly görmegeý gyzlar ýokdy. Kakalary erkek doganlary bilen birlikde olara-da miras berdi.
16
Mundan soň Eýýup ýüz kyrk ýyl ýaşap, çagalaryny, dört arka çenli agtyk-çowluk gördi.
17
Şeýdip, Eýýup gojalyp, durmuşdan razy bolup dünýäden ötdi.
← Chapter 41
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42