bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 13
Job 13
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 14 →
1
«Bularyň baryny gözlerim gördi, gulagym eşidip, düşündim.
2
Siziň bilýäniňizi men-de bilýärin, men sizden kem däldirin.
3
Emma men Gudratygüýçli bilen gepleşip, dawamy Hudaý bilen etmek isleýän.
4
Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz, baryňyz dereksiz lukmanlardyrsyňyz.
5
Wah, siz bütinleý dymsadyňyz! Ana, şonda siz paýhasly bolardyňyz!
6
Diňläň meniň delillerimi, gulak goýuň meniň çekişmelerime!
7
Hudaýyň adyndan nähak sözleri sözlejekmi? Hileli sözler aýtjakmy Onuň adyna?
8
Sizmi Hudaýyň tarapyny tutjak? Onuň üçin dawa etjek?
9
Hudaý sizi synasa, synagdan geçermikäňiz? Ynsanyň ynsany aldaýşy ýaly, Ony-da aldap bilermikäňiz?
10
Hudaýyň tarapyny gizlin tutsaňyz, Ol sizi hökman jezalandyrar.
11
Onuň şan-şöhraty sizi eýmendirip, gorkusy üstüňize abanmazmy?
12
Nakyllaryňyz kül deý dereksizdir, delilleriňiz hiç bir esassyzdyr.
13
Indi siz dymyň-da, maňa geplemäge gezek beriň, men başa gelenini göreýin.
14
Tenimi dişim bilen tike-tike edip, janymy öz elimde goýaýyn.
15
Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.
16
Ine, şu meniň gutulyşym bolar, çünki hudaýsyzlar Onuň huzuryna baryp bilmez.
17
Sözlerime dykgat bilen gulak goýuň, aýdýanlarym gulagyňyzda galsyn.
18
Men dawamy taýýarladym, aklanjagymy bilýärin.
19
Kim meniň bilen jedel etjek? Şondan soň lal-jim bolup ölerdim.
20
Ýa Hudaý, meniň iki islegimi ýerine ýetiräý, şonda men Senden gizlenmerin:
21
Menden eliňi çek, meni Öz howpuňdan azat et.
22
Onsoň meni çagyr, men-de jogap bereýin, ýa-da men gepläýin, Sen maňa jogap ber.
23
Etmişlerim, günälerim köpmüdir? Maňa ýazygymy, günämi görkez.
24
Näme üçin menden ýüzüňi gizläp, meni Özüňe duşman saýýarsyň?
25
Ýeliň gaçyran ýapragyny eýmendirjekmi? Gury samany kowalajakmy?
26
Maňa garşy ajy aýyplamalar ýazýarsyň, ýaşlykdaky etmişlerimi miras berýärsiň.
27
Aýaklaryma künde urýarsyň, her bir ädimimi garawullap, Aýak yzlaryma çenli barlaýarsyň.
28
Ynsan bir çüýrän zat, güýe degen eşik kimin dargaýar».
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 14 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42