bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 28
Job 28
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 29 →
1
«Elbetde kümşüň käni, altynyň eredilýän göweji bardyr.
2
Demir ýerden alynýar, mis daşdan eredilýär.
3
Ynsan garaňkylygyň soňuna çykýar, zulmatda mis agtaryp, tüm garaňkylykda ýeriň aňry çägine ýetýär.
4
Ynsan aýagy degmedik ýerlerde, ýüplerden aşak sallanyp, ilatsyz ýerde magdan gazýar.
5
Ýerden çörek önýär, asty bolsa ot bilen oýuk-oýuk edilýär.
6
Daşlary gök ýakudyň mekany, topragynda altyn bar.
7
Bu ýodany ýyrtyjy guş bilýän däldir, oňa algyryň gözi düşmedik asla.
8
Buýsanjaň haýwanlar ol ýere aýak basan däldirler, arslanyň-da aýagy degen däldir oňa.
9
Magdançylar gaýalary agtaryp, daglaryň düýbüne çenli gazýarlar.
10
Gaýalaryň içinden magdan gazyp alýarlar, gözleri gymmatbaha zatlaryň gözlegindedir.
11
Çeşmeleriň akymyny togtadyp, gizlin hazynalary ýüze çykarýarlar.
12
Emma paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
13
Paýhasyň gadyryny bilmeýär ynsan, tapylgysyzdyr ol bu dünýäde.
14
Çuňluk: „Ol mende ýokdur“ diýýär, deňiz: „Ol mende däl“ diýýär.
15
Ne sap altyna, ne-de kümşe, çalşyp bolýar ony.
16
Opyr altyny, gymmatbaha hakyk, gök ýakut onuň bahasyna ýetmez.
17
Ne altyn, ne-de durun oňa taý geler, ony sap altyn gaplara çalşyp bolmaz.
18
Merjen bilen dürüň-ä adam agzalmasyn, paýhasyň bahasy lagyldanam gymmatlydyr.
19
Efiopiýa topragynyň gök ýakudy oňa taý gelmez, hatda sap altyn bilen hem baha kesip bolmaz.
20
Onda paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
21
Ähli janly-jandardan gizlenýändir ol, gökdäki guşlardan hem ýaşyrylýandyr.
22
Heläkçilik we Ölüm: „Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik“ diýýärler.
23
Paýhasa ýoly Hudaý bilýär, onuň mekanyny diňe Ol bilýär.
24
Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar, gökleriň astyndaky ähli zady görýär.
25
Ýeliň agramyny kesgitläp, suwlary ölçege görä paýlanda,
26
Ýagyş ýagdyryp, gök gübürdisine ýol açan wagty,
27
Ol paýhasy görüp, yglan etdi, ony tassyklady, soňam synady.
28
Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak — bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak — bu düşünjedir“ diýdi».
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 29 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42