bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 37
Job 37
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 36
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 38 →
1
«Gümmürdä ýüregim galpyldap, agzymdan çykyp gelýär.
2
Diňläň Onuň gümmürdeýän sesini, agzyndan çykýan owazy eşidiň.
3
Ýyldyrymy gögüň astyndaky ähli ýere, ýer ýüzüniň dört künjegine iberýär.
4
Onsoň Onuň güňleç sesi eşidilýär, Ol gök kimin gümmürdeýär, Öz bar sesine seslenýär.
5
Hudaýyň sesi täsin gürrüldi berýär, biziň akyl ýetirerimizden has beýik işleri edýär.
6
Çünki Ol gara „ ýag “ diýip, ýagşa-da „güýçli ýag“ diýip buýruk berýär.
7
Munuň üçin ähli ynsanlaryň işi togtadylýar, olar Onuň beýik işlerini şonda bilerler.
8
Haýwanlar öz hinlerine girýärler, öz sürenlerinde galýarlar.
9
Harasat öz mekanyndan çykýar, sowuk güýçli ýelden gelýär.
10
Hudaýyň demine buz emele gelip, suw giňişlikleri doňýar.
11
Hudaý bulutlary ygaldan dolduryp, olaryň arasyndan ýyldyrymy ýere pytradýar.
12
Onuň buýrugyna görä, bütin ýer ýüzüne aýlanýarlar, Hudaýyň buýruklaryna boýun bolýarlar.
13
Ýa ynsanlary jezalandyrmak üçin, ýa-da ýer ýüzüni suwaryp, Öz söýgüsini görkezmek üçin, Ol ýagyş ýagdyrýar.
14
Eýýup, diňle muny, togta-da, Hudaýyň beýik işleri hakynda pikirlen.
15
Hudaýyň bulutlary nähili dolandyrýanyny, nädip ýyldyrym çakdyrýanyny bilýäňmi?
16
Bulutlaryň deňagramlylygyny, kämil Bilimliniň täsin işlerini bilýäňmi?
17
Ýer ýüzüne günorta ýeli öwüsýän möwsümde, eşikleri yssydan endamyna ýapyşýan sen,
18
guýma bürünç aýna dek berk bolan asmany Hudaý bilen bile guýup bilermiň?
19
Hudaýa näme diýmelidigini bize öwret, sözümizi beýan edip bilmeýäris, çünki biz garaňkylykda.
20
Gürleşmek isleýänimi Hudaýa aýtmalymy? Ýuwudylmak isleýän barmy?
21
Şemal geçip, bulutlar syrylanda, gökde parlaýan nura hiç kim seredip bilmez.
22
Hudaý demirgazykdan altyn şöhle saçyp gelýär, Ol gudratly şöwkete beslenendir.
23
Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogrulykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.
24
Şonuň üçinem ynsanlar Ondan gorkýarlar, Hudaý olaryň paýhasyna üns bermeýär».
← Chapter 36
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 38 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42