bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 16
Job 16
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 17 →
1
Eýýup şeýle diýdi:
2
«Men bular ýaly zatlary köp eşitdim. Siziň baryňyz dereksiz teselli berijiler!
3
Boş sözleriňiz haçan gutarjak? Sizi dawalaşmaga mejbur edýän zat näme?
4
Siz meniň ýerime bolan bolsadyňyz, menem siziň ýaly gepläp bilerdim. Size garşy akgynly sözläp, başymy ýaýkardym.
5
Sizi öz sözlerim bilen ruhlandyrardym, köşeşdiriji sözlerim derdiňizi ýeňlederdi.
6
Geplesem-de derdim ýeňlemeýär, dymanym bilen janym aram tapmaýar.
7
Ýa Hudaý, Sen meni halys tapdan düşürdiň, bütin hojalygymy weýran etdiň.
8
Gurpsuzlygym muňa şaýatlyk edýär, mejalsyzlygym garşyma güwälik edýär.
9
Hudaý maňa ýigrenç bilen seredip, gaharyna meni parçalaýar, Ol maňa dişlerini gyjaýar, duşmanymyň gözleri içimden geçýär.
10
Adamlar maňa agyzlaryny öweldip, meni masgaralap, ýaňagyma urýarlar, garşyma dil birikdirýärler.
11
Hudaý meni näletkerdeleriň, pisleriň eline berdi.
12
Rahatlykda ýaşaýardym, emma Hudaý meni sarsdyrdy, boýnumdan tutup, bölek-bölek etdi, meni Özüne nyşana edindi.
13
Onuň kemançylary daşymy gurşaýar, rehimsizlik bilen böwrümi deşýär, ödümi ýere dökýär.
14
Bedenimi dilim-dilim edýär, urşujy kimin üstüme topulýar.
15
Egnime jul tikindim, başymy toza sokdum.
16
Aglamakdan ýaňa ýüzüm gyzarýar, gözümi tüm garaňkylyk örtýär.
17
Ýöne men jenaýat etmedim, dilegim-de päkdir.
18
Eý, toprak, ganymyň üstüni örtme, perýadym asla diňmesin.
19
Ine, şu pursat şaýadym gökde, hemaýatkärim ýokarda.
20
Dostlarym meni masgaralaýarlar, Hudaýa göz-ýaş edýän.
21
Adamzat ogly bilen goňşusynyň arasynda bolşy ýaly, ynsan bilen Hudaýyň arasynda-da bir töwellaçy bolsady!
22
Barsa-gelmeze giderin birnäçe ýyldan».
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 17 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42