bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 36
Job 36
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 35
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 37 →
1
Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2
«Biraz sabyr et, men saňa düşündireýin, Hudaý üçin aýtmaly sözüm bar.
3
Bilimimi dürli çeşmelerden toplap, Ýaradanymyň adyldygyny subut ederin.
4
Dogrudanam, sözlerim ýalan däl, garşyňda duran bilimde kämildir.
5
Elbetde, Hudaý gudratly, hiç kimi kemsitmeýär Ol, Ol paýhasda gudratlydyr.
6
Erbetleri diri goýmaz Ol, ezilenlere adalatlylyk berýär.
7
Dogrulardan gözüni aýyrmaz, olary şalar bilen tagtda oturdyp, mertebelerini ebedilik beýgeldýär.
8
Dogruçyllar zynjyr bilen baglanyp, azap duzagyna düşürilen bolsalar,
9
Hudaý gödek işlerini, ýazyklaryny olara aýan etmegi üçindir.
10
Öwüt-ündewini diňledip, pislikden dönmekligi buýurýar.
11
Olar Hudaýa gulak salyp, Oňa hyzmat etseler, günlerini hoşwagtlykda, ýyllaryny şady-horramlykda geçirerler.
12
Gulak asmasalar, gylyçdan heläk bolarlar, Dünýäden pähim-paýhassyz ötüp giderler.
13
Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar, Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.
14
Ýaşlykda ölüp gidýärler, ömürleri azgynlykda gutarýar.
15
Hudaý ezilenleri azaplaryndan gutarýar, muşakgatlylara Özüni eşitdirýär.
16
Ol seni hem dertden azat edip, çäksiz giňişlige çykardy, saçagyňy näz-nygmatlardan doldurdy.
17
Indi sen erbetlere hak bolan jezany çekýäň, hökümden we adalatdan gutulyp bilmersiň.
18
Sak bol, baýlyk bilen aldanaýma, para gyzygyp, ýoldan çykaýma.
19
Baýlygyň, egsilmez güýç-gaýratyň, seni dertden gutaryp bilermi?
20
Halklaryň ýer ýüzünden ýok ediljek gijesini arzuw etme.
21
Seresap bol! Pislikden ýüz öwür, seni günäden saklamak üçin muşakgatlyk iberildi.
22
Hudaýyň gudraty beýikdir, Onuň ýaly tälim berýän barmydyr?
23
Hudaýa näme etmelidigini öwreden kim? Kim Oňa: „Edeniň telek“ diýip bilýär?
24
Hudaýyň işlerini öwmegi unutma, ynsanlar bu hakda aýdym aýtdylar.
25
Bütin ynsanlar Hudaýyň işlerini gördi, her kes oňa uzakdan seredýär.
26
Hudaý, hakykatdanam, beýikdir, Onuň beýikligine doly düşünip bilmeýäris, Onuň ömür ýyllary akyla sygmaz.
27
Hudaý suw damjalaryny göge ýygnap, ýagyş damjalaryna öwürýär.
28
Bulutlardan ýagyş ýagýar, ynsanlaryň üstünden bol ýagmyr ýagdyrýar.
29
Bulutlaryň ýaýradylyşyna, asmanyň gübürdisine düşünip bilýän barmy?
30
Hudaý gökde ýyldyrym çakdyrýar, deňizleriň düýbüne çenli örtýär.
31
Hudaý halky şeýle dolandyrýar, olary bolelin iýmit bilen üpjün edýär.
32
Ýyldyrymy Öz elinde saklap, Öz bellän ýerinde çakmagy buýurýar.
33
Gök gümmürdisi apy-tupanyň ýetip gelýändigini duýdurýar, hatda mal-gara apy-tupanyň ýetip gelýänini bildirýär».
← Chapter 35
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 37 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42