bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 34
Job 34
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 33
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 35 →
1
Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2
«Eý, akylsumaklar, sözlerime gulak goýuň, eý, bilimsekler, meni diňläň.
3
Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly, gulak hem sözleri barlaýar.
4
Geliň, hakykaty saýlalyň, ýagşyny birlikde öwreneliň.
5
Çünki Eýýup: „Men bigünä, Hudaý meni hakymdan mahrum etdi.
6
Men hak bolsam-da, ýalançy saýylýaryn, ýazyksyz bolsam-da, derdime em ýok“ diýdi.
7
Eýýup ýaly adam barmy? Ol ýaňsylamany suw dek içýär.
8
Pislik edýänler bilen ülpet bolup, erbetler bilen tirkeşýär.
9
Çünki Eýýup: „Hudaýy hoşnut etmek ynsana peýda bermez“ diýýär.
10
Muňa görä, eý, bilimsekler, maňa gulak asyň, heý-de, Hudaý pislik edermi? Gudratygüýçli nähaklyk edermi?
11
Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, olara öz pälinden tapdyrar.
12
Dogrusy, Hudaý hiç haçan pislik etmez, Gudratygüýçli adalaty ýoýmaz.
13
Oňa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökmürowanlygy beren kim? Bütin dünýäni Onuň ygtyýarynda goýan kim?
14
Hudaý niýet edip, Öz ruhuny, demini yzyna alsa,
15
bütin adamzat heläk bolar, ynsanlar ýene topraga öwrülerler.
16
Düşünjäň bolsa, diňle, sözüme gulak goý.
17
Adalaty ýigrenýän höküm sürüp bilermi? Dogruçyly, gudratly Bolany ýazgarjakmy?
18
Ol patyşa: „Sen deýýus“, beglere: „Siz pis“ diýýär.
19
Han-beglerden ýüz görmeýär, baýy garypdan ýokary tutmaýar, çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.
20
Olar göz ýumup-açasy salymda ölýärler, adamlar gije lerzana gelip, dünýäden ötýärler, güýçlüler hem ynsan eli degmezden ýok bolýarlar.
21
Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär.
22
Pisler gizlener ýaly, ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar.
23
Öz huzuryna höküme gelsinler diýip, ynsanlara gün bellemek gerek däl Hudaýa.
24
Hudaý barlamazdan güýçlüleri gyryp, ýerlerine başgalary goýýar.
25
Hudaý olaryň etmişlerini bilip, bir gijede olary agdarýar, olar ezilýärler.
26
Hudaý olary pisligi üçin hemmäniň gözüniň alnynda jezalandyrýar.
27
Çünki olar Onuň yzyna eýermediler, Onuň ýollaryny äsgermezlik etdiler.
28
Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi, Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi.
29
Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,
30
hudaýsyz adam şalyk sürüp, halka duzak gurmasyn.
31
Hudaýa: „Jezamy çekdim, indi pis iş etmerin.
32
Görmeýänimi maňa öwret, etmiş eden bolsam, indi gaýtalaman“ diýeniňiz barmy?
33
Hudaý isleýşiňe görä saňa adalatlylyk bersinmi? sen Ony ret etdiň. Sen karara gelmelisiň, men däl, şonuň üçin bilýäniňi aýt.
34
Düşünjesi bolanlar, meni diňleýän akyldarlar:
35
„Eýýup bilmezden gürleýär, onuň sözleri manysyz“ diýerler.
36
Erbetler ýaly jogap gaýtarýandygy üçin, Eýýup ahyra çenli synagda bolsun!
37
Çünki ol günäsine günä goşýar, aramyzda kinaýaly el çarpyp, Hudaýa garşy gepini köpeldýär».
← Chapter 33
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 35 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42