bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 10
Job 10
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 11 →
1
«Durmuşymy ýigrenýärin, erkinlik bilen arz ederin, ajy hasratdan geplärin.
2
Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.
3
Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?
4
Eýsem Seniň gözleriň ynsan gözlerimi? Ynsanyň görşi dek görýäňmi?
5
Günleriň ynsanyň günleri ýaly däldir, ynsanyň ýyllary ýaly däldir ýyllaryň,
6
Şonda-da etmiş agtarýarsyň, günä gözleýärsiň menden.
7
Ýazyksyzdygymy, eliňden hiç kimiň halas etmejekdigini bilýäň.
8
Elleriň maňa biçim berdi, meni ýaratdy, indi bolsa meni heläk etmekçi bolýaň.
9
Ýadyňa sal! Sen meni toprakdan ýaratdyň, indi ýene-de topraga öwürjekmi meni?
10
Meni süýt kimin dökmänmidiň? Peýnir kimin gataltmanmydyň?
11
Meni süňkler we siňirler bilen birleşdirdiň, et hem deri bilen örtdüň.
12
Maňa ýaşaýyş berdiň, merhemet etdiň, aladaň janymy gorap saklady.
13
Emma bulary ýüregiňde gizlediň, hyýalyňda şeýle zatlaryň bardygyny bilýärin.
14
Günä etsem, göz astyňda saklaýarsyň, etmişimi jezasyz goýmaýarsyň.
15
Günäli bolsam, dat günüme! Bigünä bolsam-da, başymy ýerden galdyryp bilemok, çünki uýada galan men, agyrdyr derdim.
16
Şir kimin topulýaň galdyrsam başym, gudratlaryňy maňa garşy ulanýarsyň.
17
Täzeden maňa hüjüm edýärsiň, maňa bolan gahar-gazabyň möwç alýar, garşyma goşun üstüne goşun getirýäň.
18
Näme üçin meni ýagty ýalança inderdiň? Wah, hiç kim görmänkä ölen bolsadym.
19
Käşgä dünýä asla inmedik bolsadym, ejemiň göwresinden göni gabra taşlanardym.
20
Günlerim gysgadyr, meni öz günüme goý!
21
[21-22] Garaňky, tüm garaňky dünýä, zulmatdan, tümlükden doly dünýä. Ýagtylygy garaňkylyk ýaly bolan diýara gitmezimden öň, goý, biraz ynjalyk tapaýyn özüme».
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 11 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42