bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 6
Job 6
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 7 →
1
Eýýup şeýle jogap berdi:
2
«Wah, derdim ölçelsedi, betbagtlygym terezide çekilsedi!
3
Deňiz çägelerindenem agyr çykardy, şonuň üçin men oýlanyşyksyz gepledim.
4
Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.
5
Gulan otlagdaka aňňyrýarmy? Ýa öküz ahyrynyň başynda molaýarmy?
6
Tagamsyz zat duzsuz iýilýärmi? Ýumurtganyň agynda tagam barmy?
7
Beýle naharlara işdäm ýok, bular ýüregimi bulaýarlar.
8
Wah, arzuwym hasyl bolup, Hudaý maňa umyt bersedi!
9
Kerem edip, Hudaý janymy alsady, elini uzadyp, ömür tanapymy kessedi!
10
Bu maňa teselli bolardy, güýçli dert içinde hem begenerdim, çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim.
11
Garaşmaga güýjüm barmy nä? Sabyr etmäge soňum barmy nä?
12
Daşdanmy güýjüm? Bürünçdenmi tenim?
13
Alaçsyz galanymda, özüme ýardam etmäge güýjüm ýetermi?
14
Dostuna mähirlik etmeýän, Gudratygüýçlüden gorkmagy ret edýändir.
15
Dostlarym akaba ýap kimin durnuksyzdyr, akar suwly çeşmeler kimindir.
16
Çeşmeler buzlar erände daşýarlar, gar suwlaryndan dolýarlar.
17
Jöwzada çeşmeler guraýarlar, yssyda gaýyp bolýarlar.
18
Kerwenler ýollaryndan sowlup, suw gözleginde entäp heläk bolýarlar.
19
Suw agtarýarlar Teýmanyň kerwenleri, Şebanyň ýolagçylar umytda bolýarlar.
20
Olar ynam edendikleri üçin utanýarlar, ol ýere gelip, ruhdan düşýärler.
21
Siz hem meniň üçin şol çeşmeler ýaly bolduňyz, betbagtlygymy görüp gorkýarsyňyz.
22
Men size: „Maňa zat beriň, baýlygyňyzdan beriň“ diýdimmi?
23
„Meni duşman elinden halas ediň, meni garakçylaryň elinden yzyma satyn alyň“ diýdimmi ýa?
24
Maňa öwrediň, onsoň dymaýyn, ýalňyşymy düşündiriň.
25
Dogry sözler güýçlüdir! Ýöne siziň boş sözleriňiz nämäni subut edýär?
26
Sözlerimi düzederin öýdýärsiňizmi? Ejiziň gepini ýele sowurýarsyňyzmy?
27
Hatda ýetim üçin bije atarsyňyz, dostuňyza baha kesersiňiz.
28
Indi merhemet edip, maňa serediň, ýüzüňize bakyp, ýalan sözläp bilmen.
29
Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, ýaňadan garaň, men hakdyryn.
30
Agzymdan nähak söz çykýanmydyr? Betbagtlygy gören däldirin öýdýäňizmi?»
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 7 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42