bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 15
Job 15
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 16 →
1
Onsoň teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2
«Akylly adam boş sözler bilen jogap berermi? Özüni gündogar şemalyndan doldurarmy?
3
Ol biderek gep bilen, dereksiz sözler bilen dawa-jenjel turzarmy?
4
Hudaýdan heder etmegi aradan aýyrýarsyň, Hudaý barada oýlanmaga päsgel berýärsiň.
5
Etmişiň gepiňe täsir edýär, hilegäriň dilinde gürleýärsiň.
6
Seni ýazgarýan men däl, öz agzyň, dodaklaryň saňa garşy şaýatlyk edýär.
7
Ilki doglan ynsan senmisiň? Daglardan öň ýaradyldyňmy?
8
Hudaýyň mejlisini diňlediňmi? Ýeke-täk dana adamdyryn öýdýäňmi?
9
Biziň bilmeýän haýsy zadymyzy bilýärsiň? Biziň düşünmeýän haýsy zadymyza düşünýärsiň?
10
Bizde çal saçly-da, gojalar-da bardyr, olaryň ýaşlary seň kakaňkydan-da uludyr.
11
Hudaýyň saňa berýän tesellileri kemlik edýärmi? Hoşamaý söz ýeterlik dälmi ýa saňa?
12
Ýüregiň nämä möwç alýar? Gözleriňden näme üçin ot syçraýar?
13
Näme üçin Hudaýa gazaplanyp, agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?
14
Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi?
15
Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl.
16
Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.
17
Diňle meni, saňa düşündireýin, görenimi beýan edeýin,
18
akyldarlaryň aýdanlaryny, ata-babalarynyň gizlemedik pähimlerini.
19
(Ýurt diňe aralarynda gelmişek bolmadyk ata-babalara berlendi).
20
Pisler bütin ömrüne ejir çekýändirler, zalymlara berlen ýyllar sanalgydyr.
21
Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez, asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler.
22
Garaňkylykdan gutuljagyna ynam ýokdur olarda, olaryň takdyry gylyçdyr.
23
„Niredekä?“ diýip, bir döwüm nan üçin sergezdanlyk edýärler, Garaňkylyk gününiň ýakyndygyny bilýärler.
24
Alada we horluk olary gorkuzýar, söweşe taýynlanan şa kimin olara hüjüm edýär.
25
Çünki pisler Hudaýa garşy el göterýär, Gudratygüýçlä garşy çykýar.
26
Boýnuýogynlyk edip, galyň, ýumry galkany alyp, Hudaýyň üstüne topulýarlar olar.
27
Ýüzlerinden ýag damyp, billerini ýag alsa-da,
28
weýran edilen şäherlerde, harabaçylyga öwrülen, oturylmaýan, adamsyz öýlerde ýaşarlar.
29
Hiç haçan baýamazlar, baýlyklary uzaga çekmez, mal-mülkleri ýer ýüzüne ýaýramaz.
30
Garaňkylykdan gaçyp bilmezler, pudaklaryny ýalyn ýok eden agaç kimin bolarlar, Hudaýyň demine ýok bolarlar.
31
Boşluga bil baglap, özlerini aldatmasynlar, çünki boşluk olaryň muzdy bolar.
32
Wagtyndan öň işi gaýdar, pudaklary gögermez.
33
Gök üzümleri dökülen üzüm agajy, gülleri dökülen zeýtun agajy ýalydyr olar.
34
Çünki hudaýsyzlaryň jemagaty gysyr galar, parahorlaryň-da çadyrlaryny ot alar.
35
Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar, içleri hem hileden doludyr».
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 16 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42