bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 31
Job 31
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 30
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 32 →
1
«Boý gyza gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim.
2
Çünki ýokardaky Hudaýdan paýym nedir, gökdäki Gudratygüýçlüden mirasym nedir diýip pikir etdim.
3
Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, pislik edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?
4
Ol ýöreýän ýollarymy görüp, her ädimimi yzarlaýar.
5
Men ýalan sözläp, hilegärlige ýüz uran bolsam,
6
Hudaý adyl höküm etsin, meniň päkdigimi bilsin.
7
Aýagym ýoldan çykan bolsa, ýüregim gözüme eýeren bolsa, ellerime gara ýokduran bolsam,
8
goý, ekenimi başgalar iýsin, ekinim köki bilen sogrulsyn.
9
Ýüregimi bir aýala aldyran bolsam, goňşymyň gapysynda bukuda ýatan bolsam,
10
goý, aýalym başganyň bugdaýyny üwesin, goý, oňa başga erkekler ýanaşsyn.
11
Çünki bu azgynlykdyr, höküm edilmeli jenaýatdyr.
12
Bu heläkçilik ýerine çenli ýakýan ot, bar ekinimi köki bilen ýakar ol.
13
Gulum ýa-da gyrnagym maňa arz-şikaýat edende, men olara adalatsyzlyk eden bolsam,
14
Hudaý aýaga galanda, men näme ederin? Ol hasap soranda, Oňa näme jogap bererin?
15
Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme? Göwrede bize şekil beren bir Hudaý dälmi näme?
16
Garyplary isläninden mahrum eden bolsam, dul hatyny umytdan düşüren bolsam,
17
ýa-da nanymy ýeke iýip, ýetimler bilen paýlaşmadyk bolsam,
18
(ýaşlygymdan bäri ýetimlere atalyk edip geldim, doglanym bäri dul hatynlara ýol görkezip geldim)
19
eşiksiz heläk bolany, ýapynjasy bolmadyk mätäji görüp,
20
olary goýunlarymyň ýüňi bilen ýylatmadyk bolsam, olar hem bütin ýüregi bilen meni alkyşlamadyk bolsalar,
21
kömekçilerimiň tarapymy çaljagyna gözüm ýetip, ýetime el galdyran bolsam,
22
goý, omzum ýazsyn, golum omzumdan omrulsyn.
23
Çünki Hudaýdan geljek betbagtçylykdan gorkdum, beýikliginden ýaňa Onuň huzurynda durup bilmezdim.
24
Altyna bil baglan bolsam, sap altyna ynam eden bolsam,
25
ummasyz baýlygyma buýsanyp, elimiň gazanjyna guwanan bolsam,
26
parlaýan Güne garap, asmandaky ajaýyp Aýa bakyp,
27
köňlümiň meýlini azdyryp, Aýa, güne sežde hökmünde ýüzüme sylan bolsam,
28
bu hem höküme laýyk etmiş bolardy, gökdäki Hudaýy inkär etdigim bolardy.
29
Duşmanlarymyň heläkçiligine begenip, başlaryndan bela inende, heşelle kakan däldirin.
30
(Gargyş bilen olaryň ölümini diläp, dilim bilen günä etmedim).
31
Çadyrymdakylar: „Eýýubyň beren etinden garnyny doýurmaýan barmy?“ diýen bolsalar,
32
(mysapyr köçede ýatan däldir, çünki gapym mydama ýolagçylar üçin açykdy)
33
[33-34] mähelleden juda gorkup, olaryň ýigrenjinden heder edip, dymyp, daşa çykman, ýürekde etmişlerimi gizläp, beýlekiler ýaly ýazyklarymy ýaşyran däldirin.
35
Wah, maňa bir gulak asýan bolsady! Wah, Gudratygüýçli Hudaý, Sen bir maňa jogap bersediň! Şonda aýdan zatlarymyň hakdygyny subut edip, gol çekerdim! Wah, Aýyplaýjym hökümleri ýazyp, elime bersedi!
36
Şübhesiz ony gerşimde göterip, başyma täç ederdim.
37
Her ätlän ädimimiň hasabatyny bererdim Oňa, Şazada kimin Onuň huzuryna barardym.
38
Ýerim maňa garşy perýat eden bolsa, onuň keşleri bile aglaşýan bolsa,
39
tölegsiz ýeriň hasylyndan iýen bolsam, ýer eýeleriniň janyna kast eden bolsam,
40
goý, ol ýerde bugdaý ýerine tiken, arpa ýerine haşal otlar bitsin!» Eýýubyň sözleri tamam boldy.
← Chapter 30
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 32 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42