bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 29
Job 29
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 28
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 30 →
1
Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2
«Wah, men ýene öňki aýlara dolanyp barsadym! Hudaýyň meni goran günlerindäki ýaly bolsadym!
3
Şol wagtlar Hudaýyň çyrasy depäme nur saçardy, garaňkylykda Onuň nury bilen ýörärdim.
4
Jahylkam Hudaý maňa ýar bolup, çadyrymy gorapdy.
5
Şol döwürde Gudratygüýçli meniň bilendi, çagalarymyňam bary töweregimdedi.
6
Ýollarym süýt bilen ýuwlardy, gaýadan zeýtun ýagy akardy!
7
Şäher derwezesine baranymda, meýdançada oturmaga ýerime geçenimde,
8
Ýaşlar meni görüp, ýol bererdiler, garrylar-da ör turardylar.
9
Han-begler-de gürrüňlerini bes edip, elleri bilen agyzlaryny tutardylar.
10
Baştutanlardan ses-üýn çykmazdy, olar meniň öňümde lal-jim bolardylar.
11
Sözümi eşiden meni öwerdi, gören-de, meni taryplardy.
12
Çünki men haraý islän garyby, kömege mätäç ýetimi halas ederdim.
13
Ölümiň bäri ýanyndakylaryň alkyşyny alardym, dul hatynlaryň kalbyna nagmalar bererdim.
14
Dogruçyllygy eşik kimin geýdim, ol meni örtdi; adalatym bolsa don we selle kimindi.
15
Körlere gözdüm, agsaklara-da aýakdym.
16
Garyplara atadym, ýatlaryň hukuklaryny gorardym.
17
Erbetleriň äňini ýazdyryp, awuny agyzlaryndan alardym.
18
Men öz ýanymdan şeýle pikir ederdim: „Günlerim çäge kimin köp bolup, öz öýümde asudalykda ölerin.
19
Köklerim suwlara tarap ýaýrap, şahalaryma bütin gije çyg düşýär.
20
At-abraýym könelmez, ýaýym elimde bolar elmydam“.
21
Hemmeler sözlerime sabyrly gulak goýup, maslahatymy ses-üýnsüz diňlärdiler.
22
Sözümi soňlanymdan soň, meniň bilen dawalaşýan bolmazdy, sözlerim ýagyş damjalary kimin ýakymlydy olara.
23
Ýagşa garaşyşlary ýaly maňa garaşardylar, sözlerimi ýaz ýagşy deý içerdiler.
24
Ýylgyryp bakanymda, gözlerine ynanmazdylar, nurana ýüzümden ruhlanardylar.
25
Olara baş bolup, ýol görkezýän mendim, leşgerleriň arasyndaky şa kimin, ýas tutýanlara göwünlik berýän adam ýaly ýaşardym».
← Chapter 28
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 30 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42