bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 19
Job 19
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 18
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 20 →
1
Eýýup şeýle diýdi:
2
«Haçana deňeç meni gynap, sözleriňiz bilen pagyş-para etjek?
3
On mertebe göwnüme degdiňiz, utanaňzokmy şeýle ezýet bermäge?
4
Dogrudanam, hata iş eden bolsam, hatam öz boýnuma.
5
Özüňizi öňümde ýokary tutup, aýybymy ýüzüme ursaňyz,
6
Şuny bilip goýuň, Hudaý meni nähak saýdy, Ol daşyma Öz toruny çekdi.
7
„Bu — zorluk“ diýip perýat edýärin, emma jogap berýän ýok. Medet diläp ýalbarýaryn, emma adalat ýok.
8
Ýoluma germew çekdi, geçip bilemok, ýodalarymy garaňkyratdy.
9
Meni at-abraýdan düşürip, başymdan täjimi aldy.
10
Meni çar tarapdan gysyp-gowurdy, sandan galdym, umydymy agaç deýin köki bilen sogurdy.
11
Ol maňa gazaplanýar, meni Özüne duşman saýýar.
12
Leşgerleri üstüme hüjüm edýärler, maňa garşy ýapgyt galdyrýarlar, çadyrymyň töwereginde düşelge gurýarlar.
13
Garyndaşlarymy menden daşlaşdyrdy, tanyşlarym maňa ýat boldular.
14
Ýakynlarym meni ret etdiler, dostlarym meni unutdylar.
15
Saçagymdan duz iýenler hem unutdylar meni, hatda öz gyrnaklarym-da meni ýat saýýarlar, Olaryň gözüne men bir keseki.
16
Hyzmatkärimi çagyrýan, ýöne jogap ýok, ýalbar-ýakar etmeli bolýan özüm.
17
Demim aýalymda ýigrenç döredýär, öz maşgalam meni ýigrenýär.
18
Ýaş çagalar-da meni kemsidýärler, aýaga galanymda, meni ýaňsylaýarlar.
19
Içgin dostlarym meni ýigrenýärler, eý görenlerim menden ýüz öwürdiler.
20
Diňe ham bilen süňke öwrüldim, ölümiň bäri ýanynda durun men.
21
Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.
22
Näme üçin sizem Hudaý ýaly meni yzarlaýarsyňyz, näme meniň tenimden doýmaýarsyňyzmy?
23
Wah, meniň sözlerim ýazylsady! Wah, olar kitaba ýazylsady!
24
Wah, sözlerim demir galam we gurşun bilen gaýanyň ýüzüne ebedilik oýulyp ýazylsady!
25
Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.
26
Hamym çüýränden soňam tenimde Hudaýy görerin.
27
Hudaýy keseki gözi bilen däl-de, öz gözlerim bilen görerin, ýüregim üzülip barýar.
28
„Biz ony nähili yzarlarys? Belanyň körügi Eýýupdyr“ diýseňiz,
29
siz gylyçdan heder ediň, çünki gazap gylyç jezasyny getirýär, şonda hökümiň bardygyny bilersiňiz».
← Chapter 18
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 20 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42