bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 5
Job 5
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 6 →
1
«Hany, çagyr, jogap beren tapylarmyka? Sen perişdeleriň haýsyna ýüzlenjek?
2
Akmagy gahar-gazap öldürýär, nadany gabanjaňlyk ýok edýär.
3
Kök urýan akmaklary gördüm, emma olaryň öýleri duýdansyz näletlendi.
4
Çagalary howpsuzlykdan uzakdyr, adalatdan mahrum edilýärler olar, howandarlyk edýän ýokdur olara.
5
Açlar akmaklaryň hasylyny iýýärler, ony tikenleriň arasyndan ýygyp alýarlar, açgözler baýlyklaryny ýuwudýarlar.
6
Çünki muşakgatlyk toprakdan çykmaz, hasrat-da ýerde bitmez.
7
Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek, ynsan hasrat üçin dogulýar.
8
Men bolsam Hudaýa ýüz tutardym, dawamy Oňa tabşyrardym.
9
Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, san-sajaksyz gudratlary görkezýär.
10
Ýer ýüzüne ýagyş ýagdyryp, meýdanlary suwarýan-da Oldur.
11
Ol kemsidilenleri arşa çykarýar, gussalylar howpdan dynýar.
12
Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, guran hilelerini puja çykarýar.
13
Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar.
14
Gündizleri garaňkylyga öwrülip, gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.
15
Ol mätäçleri gylyçdan, güýçlüleriň dilinden hem elinden halas edýär.
16
Şeýdip, pukaralarda umyt bolýar, adalatsyzlyk agzyny ýumýar.
17
Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni! Gudratygüýçliniň temmisini ret etme.
18
Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.
19
Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.
20
Ol seni açlykda ölümden, uruşda gylyçdan gutarar.
21
Ol seni duzly dilden gorar, gyrgyn gelende, sen gorkmarsyň.
22
Gyrgynyň, açlygyň üstünden gülersiň, ýabany haýwanlardan heder etmersiň.
23
Meýdan daşlary bilen dil tapyşarsyň, ýabany haýwanlar bilen agzybir bolarsyň.
24
Çadyryňyň asudalykdadygyny bilersiň, süriňe göz aýlaňda, sany tükel bolar.
25
San-sajaksyz nesil görersiň, zürýatlaryň ýaýladaky otlar kimin bolar.
26
Öz möwsüminde harmana ýygnalýan galla desseleri dek sen hem gabra gojalyp girersiň.
27
Derňew geçirdik, bu hakykatdyr, muny diňle-de, özüň üçin belläp al».
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 6 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42