bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 20
Job 20
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 21 →
1
Onsoň nagamly Sopar şeýle diýdi:
2
«Gulak goý! Pikirlerim jogap bermäge mejbur edýär, mundan artyk saklanyp bilmerin.
3
Sözleriň bilen meni kemsidýäň, düşünjäm saňa jogap berdirýär.
4
Owaldan bäri, ynsanyň dünýä gelşinden bäri bilmeýärmidiň muny?
5
Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.
6
Olaryň boýy hatda göklere ýetip, başlary bulutlara degse-de,
7
pisler öz nejasaty kimin baky ýok bolarlar, olary tanaýanlar: „Olar nirede?“ diýerler.
8
Düýş kimin uçup giderler, gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.
9
Bir gören göz gaýdyp görmez olary, mekany-da olary ikilenç görmez.
10
Ogullary pukaralaryň öňlerinde özlerini kiçelderler, elleri bilen olaryň baýlygyny yzyna gaýtararlar.
11
Bedenleri ýaşlyk gujuryndan doly hem bolsa, olar bilen toprak astynda ýatarlar.
12
Hatda ýamanlyk agza datly görnüp, ony diliniň astynda gizleseler-de,
13
Ýamanlygy saklap, goýbermän, agyzlarynda saklasalar-da,
14
iýenleri aşgazanynda turşar, içlerinde ýylanyň zäherine döner.
15
Baýlygy ýuwudyp, ýene gusýarlar ony, Hudaý ony içlerinden çykarýar.
16
Ýylanlaryň zäherini sorarlar, alahöwreniň dişi olary öldürer.
17
Akar suwlaryň, baldyr gaýmak akýan dereleriň hözirini görmezler.
18
Gazananlaryny iýmän, yzyna gaýtararlar, eden söwda-satygyndan haýyr görmezler.
19
Çünki pukaralary ezip, olardan ýüz öwürdiler, öz gurmadyk öýlerini eýelediler.
20
Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz, arzyly zatlary olary halas etmezler.
21
Iýenlerinden artany bolmady, munuň üçin rowaçlyklary uzaga çekmez.
22
Bollukda azap çekerler, depelerinden muşakgat iner.
23
Garynlaryny doýranlarynda, Hudaý lowlaýan gazabyny üstlerine döker, Gazabyny başlaryndan iýmit kimin ýagdyrar.
24
Demir ýaragdan gaçyp gutulsalar, bürünç ýaý içlerinden parran geçer.
25
Ok içlerinden böwsüp geçer, ýalpyldaýan ujy böwürlerinden çykar, üstlerine howp abanar.
26
Tüm garaňkylykda hazynalary ýok bolýar, üflenmedik ot olary ýuwudar, çadyrlarynda galanlaryny ýakyp ýok eder.
27
Gökler şaýatlyk eder etmişlerine, bütin älem-jahan olara garşy çykar.
28
Hudaýyň gazap güni öýleri emlägi bilen süpürilip äkidiler.
29
Ine, şudur pisleriň Hudaýdan aljak paýy, Hudaýyň olara beren mirasy».
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 21 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42