bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 40
Job 40
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 39
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 41 →
1
Reb harasadyň içinden şeýle jogap berdi:
2
«Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber.
3
Meni adalatsyzlykda aýyplajakmy sen? Özüňi aklamak üçin Meni höküm etjekmi indi?
4
Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?
5
Özüňi şan- şöhrat we belent mertebe bilen beze, şöhrat we hormat donuny geý.
6
Möwç alýan gazabyňy dök, tekepbirlere bakyp, olary boýun egdir.
7
Tekepbirlere garap, olary dyza çöker, erbetleri duran ýerlerinde mynjyrat.
8
Hemmesini bile topraga göm, olary gabyrda bagla.
9
Şonda sag eliňiň seni halas edip biljegini Men-de boýun alaryn.
10
Ine, Bähemosa seret, seni ýaradyşym kimin, ony-da Men ýaratdym, ol öküz kimin ot iýýär.
11
Gör, onuň bilinde nähili güýç bar, garnyndaky muskullary nähili güýçli!
12
Guýrugyny kedr agajy kimin sallaýar, budunyň siňirleri örüm-örümdir.
13
Süňkleri bürünç turbalar kimin, gapyrgalary demir gözenekleri kimindir.
14
Bähemos Hudaýyň beýik işleriniň arasynda iň ajaýybydyr, diňe Ýaradany oňa gylyç bilen golaýlaşyp biler.
15
Baýyrlar onuň otlagydyr, ol ýerde haýwanlar ýaýnaşýarlar.
16
Ol gyrymsy agaçlar astynda, gamyşlyk bilen örtülen batgalykda ýatýar.
17
Gyrymsy agaçlar üstüne kölege salýar, deräniň söwütleri ony gurşaýar.
18
Derýa joşsa-da, ol eýmenmez, Iordan daşyp, agzyna-burnuna gelse-de, ol asla äwmez.
19
Kim ony garbak bilen tutup biljek? Kim çeňňek bilen onuň burnuny deşip biljek?
20
Liwýatany çeňňek bilen tutup bilermiň? Ýa-da onuň diline syrtmak salyp bilermiň?
21
Burnundan ýüp geçirip bilermiň? Ýa-da äňinden çeňňegi ötürip bilermiň?
22
Ol saňa ýalbaryp-ýakararmyka? Şirin sözleri bilen seni yrarmyka?
23
Özüni ebedilik guluň ederiň ýaly, seň bilen äht baglaşarmyka?
24
Guş bilen oýnaýşyň ýaly onuň bilenem oýnarmykaň? Ýa-da ony kenizleriňe göz-gulak bolup bilermiň?
25
Täjirler ony alyp-satyp bilermikäler? Söwdagärler ony öz aralarynda paýlaşyp bilermikäler?
26
Derisini naýza bilen, kellesini balykçylaryň gadalgasy bilen deşim-deşim edip bilermiň?
27
Oňa eliňi degrip gör, ol saňa göz görkezmezmikä, sen ony ikiläp gaýtalamarsyň».
← Chapter 39
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 41 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42