bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 14
Job 14
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 15 →
1
«Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr.
2
Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.
3
Meniň ýala dagam göz dikýäňmi Sen? Höküm etmek üçin meni huzuryňa getirýäňmi?
4
Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!
5
Ynsanyň güni sanalgydyr, aýlarynyň sany kesgitlenendir, Olar Seniň bellän çäkleriňden geçip bilmeýärler.
6
Olardan gözüňi aýyr, öz günlerine goý, iş gününi soňlan işçi dek dynç alsynlar.
7
Hatda agaja-da umyt bardyr, ol çapylsa, ýene gögerer, pudaklary egsilmez.
8
Köki ýerde garrap, töňňesi toprakda gurap gitse-de,
9
suw ysyny alan badyna ösüntgi çykaryp, ýaş agaç kimin şahalaýar.
10
Emma ynsan ölüp, ýok bolýar, adamzat jan berip, ýitirim bolýar.
11
Köl suwlarynyň guraýşy, derýanyň gurap, çöle dönüşi kimin,
12
Ynsan hem ýatýar-da, gaýdyp turmaýar, gökler ýok bolýança, adamlar oýanmazlar, ukularyndan turuzylmaz.
13
Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň, gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň, Maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!
14
Ynsan öler-de, direlermi? Men tä azat edilýänçäm, azaply gullugymyň ähli günlerinde garaşaryn.
15
Sen çagyrarsyň, men-de jogap bererin. Öz eliňiň ýaradanyny küýsärsiň.
16
Şonda Sen ädimlerimi sanarsyň, ýöne günämi yzarlamagyňy bes edersiň.
17
Ýazygym torba salnyp möhürlener, etmişimiň üstüni örtersiň.
18
Dag opurylyp, weýran bolýar, gaýa ýerinden goparylýar;
19
suwlar daşlaryň ýüzüni ýalmaýar, siller ýeriň topragyny syryp äkidýär, Sen hem ynsanlaryň umydyny şeýle ýok edýärsiň.
20
Ynsanlardan hemişelik üstün çykýaň, olar ýok bolýarlar, ýüzüni üýtgedip, gaýry ýere ýollaýaň.
21
Ogullary hormata eýe bolýarlar, olar mundan habarsyz, masgaralanýarlar, olar muny bilmeýärler.
22
Olar diňe öz bedenleriniň agyrysyny duýup, diňe özleri üçin ýas tutýarlar».
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 15 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42