bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Job 30
Job 30
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 29
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 31 →
1
«Emma indi ýaşkiçiler, üstümden gülýärler, atalaryny sürimi goraýan itleriň ýanynda goýmaga-da laýyk görmezdim.
2
Olardan maňa ne peýda bar? Bileklerinde kuwwat ýok.
3
Olar mätäçlikden, açlykdan ýaňa gije çölde, harabalykda ýer gemirýärler.
4
Çöldäki ajy otlary ýygýarlar, iýmitleri sübseligiň köküdir.
5
Olar halk arasyndan kowulýarlar, halk ogrular ýaly olaryň üstüne gygyryşýar.
6
Jülgedäki gowaklarda, ýerdäki çukurlarda, gaýalaryň arasynda mesgen tutýarlar.
7
Çalylar arasynda uwlaşyp, tikenekler astynda biri-birlerine dyknyşýarlar.
8
Akmak, atsyz-sorsuz ynsan ogullary gamçylanyp, ýurtdan çykaryldy.
9
Indi olaryň ogullary meni nagma bilen ýaňsylaýarlar, men olar üçin gülki bolup galdym.
10
Meni ýigrenýärler, menden gaça durýarlar, ýüzüme tüýkürmegi-de hiç zatça görmeýärler.
11
Ýaýymyň kirşini kesip, Hudaýyň maňa ejir çekdirendigi üçin, olar gözümiň alnynda islänini edýärler.
12
Äjit-mäjitler sagymdan hüjüm edip, aýaklarymy büdredýärler, basyp almak üçin, ýollary taýýarlaýarlar.
13
Ýolumy bekläp, meni ýok etmäge çalyşýarlar, olary togtadýan ýok.
14
Diwar gädiklerinden geçip, harabalygyň arasyndan üstüme topulýarlar.
15
Üstüme howp abanýar, şan-şöhratym ýele sowrulýar, hoşwagtlygym bulut kimin geçip gitdi.
16
Indi janym takatdan düşdi, meni muşakgatly günler gurşap aldy.
17
Gijesine süňňüm syzlaýar, janymy gemirýän agyrylar dynuwsyzdyr.
18
Hudaý gazap bilen ýakamdan tutýar, ezenegimden ýapyşýar.
19
Hudaý meni laýa batyrdy, toza, küle döndüm men.
20
Saňa ýalbarýan, maňa jogap bermeýäň, aýaga galýan, Sen gözüňi diňe maňa dikýäň.
21
Maňa rehimsizlik etdiň, güýç-gudratyň bilen meni ezýäň.
22
Meni galdyryp, ýele kowaladýaň, gaý içinde derbi-dagyn edýäň.
23
Bilýän men, başymdan ölüm inderjegiňi, ähli diriler üçin taýynlan ýeriňe äkitjekdigiňi.
24
Medet diläp perýat edýäne, betbagta garşy el galdyrmak bolmaz ahyryn!
25
Gara günliniň halyna aglamadymmy? Ýoksullar üçin ýüregim gyýym-gyýym bolmadymy?
26
Emma ýagşylyga umyt baglamda, ýamanlyk geldi, ýagtylyga garaşanymda, zulmat geldi.
27
Içim ot alyp, ynjalyk tapmaýar, muşakgatly günler başyma düşýär.
28
Güneşsiz hamym garalýar, jemagat arasynda durup, perýat edýärin.
29
Şagallara gardaş, düýeguşlara ýoldaş boldum.
30
Hamym garalyp soýulýar, süýeklerim gyzdyrmadan ýanýar.
31
Liramyň owazy ýasa, tüýdügimiň owazy agy sesine dönýär».
← Chapter 29
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 31 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42